Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Niderlandlarda guralan baýramçylyk festiwalynda sergi pawilionyny hödürledi

10:3911.03.2025
0
16177

Türkmenistanyň pawiliony 8-nji martda Eýndhowen şäherinde (Niderlandlar) Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan festiwalda görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Festiwal dürli halklaryň wekillerini bir ýere jemläp, zenanlaryň medeni mirasy gorap saklamaga, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmäge goşýan goşantlaryny görkezdi. Festiwalda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan «Mengli Secrets World Fashion» moda öýi bilen bilelikde gurnalan pawilion sergidäki iň özboluşlylaryň biri boldy. Pawilýon türkmen halkynyň milli döredijiliginiň we ruhy mirasynyň hakyky mysalyny görkezip, sergi özboluşlylygy bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Bu ýerde dürli şaý-sepler, ýadygärlik sowgatlary we ajaýyp eşikler hödürlenip, milli eşikleriň däp bolan nusgalary häzirki zaman moda görnüşleri bilen utgaşdy.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny alamatlandyrýan milli saz gurallary serginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň