Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

29-njy martda Arkadag şäherinde halkara forum geçiriler

19:3710.03.2025
0
12214

29-njy martda Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara ynsanperwer işiniň ösüşi» atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigi aýdyldy. Çäräniň guramaçysy bolup Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlanan brifingiň dowamynda mälim etdi.

Ministr R.Meredowyň aýtmagyna görä, maslahata gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň ynsanperwer hem-de durmuş işleriniň amal edilmegine jogap berýän döwlet we jemgyýetçilik düzümleri, halkara guramalarynyň, olaryň baş, sebitleýin hem-de we ýurt boýunça wekilhanalarynyň wekilleri çagyryldy. Bellenilişi ýaly, forumyň işi saglygy goraýyş, lukmançylyk kömeginiň berilmegi, bilim, çagalara we ýetginjeklere bilim hyzmatlarynyň berilmegi, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere gönükdiriler.

Mundan başga-da, 19-njy martda Aşgabatda döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleriniň, şeýle hem kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygynyň orny» atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilkinji «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň öňüsyrasynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa – ÝB» ministrler duşuşygynyň geçiriljekdigi barada habar berdi.

Çykyş eden BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Liwiýanyň, Pakistanyň, Malaýziýanyň hem-de Fransiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady utgaşygyny ilerletmekdäki ornuny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň