Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda zenanlaryň türkmen-eýran maslahaty geçirildi

09:4607.03.2025
0
12342
Aşgabatda zenanlaryň türkmen-eýran maslahaty geçirildi
Surat: Türkmenmetbugat

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli, 6-njy martda guralan duşuşyga ýurduň we Eýranyň öňdebaryjy, işjeň zenanlary gatnaşdylar. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Dabarada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hünärmenleri eýranly zenanlaryň misden, pöwrize daşyndan ýasalan gap-gaçlaryň ýüzüne çeken nagyşlary, nakgaşlyk eserleri barada gürrüň berdiler.

Soňra duşuşyk «Parahatçylyk we ynanyşmak — binýatlyk ýörelge», «Çaga terbiýesi — röwşen geljegiň binýady», «Telekeçi zenanlar ykdysadyýetiň ösüşinde» atly temalar boýunça özara pikir alyşmalardyr maslahatlar bilen dowam etdi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem gatnaşyp, iki dostlukly halkyň zenanlarynyň jem bolup, maşgala mukaddesligi we çaga terbiýesi ýaly möhüm meseleler hakynda gürrüňdeş bolýandyklaryna örän şatdygyny belledi.

Ilçi türkmen gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Ebrahim Parwiz hem çykyş etdi.

Tähran uniwersitetiniň müdiriýetiniň agzasy, bu uniwersitetiň zenanlar, maşgala we metbugat pudagynyň wekili Maleki Farab Neda Hafez gürrüňi edilýän tema boýunça ylmy-amaly pikirlerini beýan etdi. Türkmenistanyň zenanlarynyň döwletiň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Eýran Yslam Respublikasynda-da zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýandyklaryny nygtady. Enäniň we çaganyň arasyndaky baglanyşygyň inçelikleri hakynda gürrüň berdi.

Duşuşykda Maşat şäheriniň zenanlar komitetiniň başlygy we telekeçi zenanlaryň wekili, fizika ylymlarynyň doktory Salimi Fateme Hossein hem çykyş etdi.

Myhmanlar žurnalistler bilen geçirilen duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynda Halkara zenanlar güni baýram edilip bellenilmese-de, Eneleriň güni, Maşgalanyň güni ýaly baýramçylyklaryň bardygyny aýtdylar. «Lalaýy» diýlip atlandyrylýan hüwdülerde bolsa Magtymgulynyň, Firdöwsiniň goşgularynyň giňden ulanylýandygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň