Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy

16:0906.03.2025
0
18266
«Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
Surat: Türkmenmetbugat

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa bäsleşigiň guramaçylary we ýeňijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Gazetiň şu günki sanynda ýerleşdirilen habara görä, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle-de Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň şertleri oňa hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky, baý mirasyň dowam etdirilmegindäki ornuny, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini anyk mysallar arkaly açyp görkezmekden ybarat boldy.

Eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, baş baýraga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni Maýagözel Babaýewa, 1-nji orna «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Aýjemal Omarowa, «Zenan kalby» žurnalynyň edebi işgäri Ogulbaýram Taganowa, žurnalist Güljahan Şahberdiýewa, 2-nji orna «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri Aýgözel Nurlyýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni Merjen Borjakowa, žurnalist Ýazbibi Annagurbanowa, 3-nji orna «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň edebi işgäri Dursun Tekäýewa, «Hormat ýoly» hojalyk jemgyýetiniň işjeň agzasy Olga Keşikowa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Oguljahan Töräýewa, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň mugallymy Dünýägözel Haýrullaýewa, Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiň mugallymy Nurjemal Eşşanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Gyzylgül Amanlyýewa mynasyp boldular.

Ýeňijilere diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň