Halkara zenanlar güni mynasybetli, düýn Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň Altyn nesil köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 3-siniň 4 gatly, 48 we 64 öýli hem-de mümkinçiligi çäkli hem-de durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän maşgalalar üçin niýetlenen 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Dabaralara Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
— Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda maşgalamyz bilen ýatdan çykmajak şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Bize ähli amatlyklary bolan döwrebap jaýdan 2 otagly öýli bolmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin begenjimiziň çägi ýok. Maşgalamyzda üç perzendimiz bar. Ýurdumyzda durmuş goldawyna mätäç maşgalalar we sagaldyş-dikeldiş bejergisini almaly çagalar döwlet derejesinde uly aladalar bilen gurşalýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamak, işlemek, dynç almak babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys — diýip, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň elektrik gönükdiriş gullugynyň 2-nji derejeli kebşirleýjisi Myratgeldi Gurbanow şatlygyny paýlaşdy. Bu barada habarda bellenilýär.