Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadagdaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy

10:5906.03.2025
0
13860

5-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäheriniň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bejeriş binasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Saparyň barşynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Şeýle hem Merkezde bejergi alýan ähli çagalara ýurdumyzyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli sowgatlar gowşuryldy.

Şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenen dabara merkezde bejergi alýan çagalaryň ruhuny göterip, olaryň şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle hem bu ýerde bagtyýar çagalaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşüldi.

O.Atabaýewa körpeleri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gutlap, olaryň tiz sagalmaklaryny, sagdyn, berk bedenli ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.

Merkeziň bölümlerinde işleýän lukmanlar bu ýerde çagalaryň tiz sagalmaklary, saglyklarynyň dikeldilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini uly guwanç bilen gürrüň berdiler. Bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigi aýdyldy. Munuň özi näsag çagalaryň saglygynyň dikeldilmeginiň baş şerti bolup durýar.

Lukmanlar her bir bölümiň enjamlaşdyrylyşy, olarda döredilen ýokary derejeli şertler barada durup geçip, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlarynda ýerine ýetirilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliliginiň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar. Bu ýerde işleýän lukmanlar dünýäniň öňdebaryjy klinikalarynda tejribelik geçip, hünär derejelerini kämilleşdirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň