Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary maslahatlaşyldy

20:1605.03.2025
0
19693
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Wekiliýetiň saparynyň esasy maksady Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmekden we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletli we netijeli häsiýetini bellediler. Bu söwdany, önümçiligi ösdürmek hem-de ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda ileri tutýan ugurlary, hususan-da eksport ugurlulyk, ýurdumyzyň bank pudagy bilen hyzmatdaşlyk we häzirki zaman bank tejribesini ornaşdyrmaga ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň geljek döwür üçin täze strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň