Türkmenistanyň dem alyş ýollarynyň patogeninden döreýän pandemiýany meýilleşdirmek, taýýarlamak we oňa garşy göreşmek boýunça çäreleriň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýurt edarasy 4-5-nji mart aralygynda Aşgabat şäherine maslahat beriş-tehniki saparyny gurady.
Bu sapar Türkmenistanda Pandemiýa dümewine taýýarlyk görmegiň çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Maksatnamanyň maksatlaryna ýetmek üçin Aşgabatda milli pudagara okuw-seminary geçirildi, oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça sebit bölüminiň hünärmenleri Kleýr Blekmor we Mihala Hegermann-Lindenkron, şeýle hem BSGG-nyň baş edarasynyň pandemiýa taýýarlyk görmek we meýilnamalaşdyryş boýunça hünärmeni Sara Li Hess we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasynyň wekili Aýjeren Myratdurdýewa gatnaşdylar.
Seminaryň esasy maksady milli hünärmenleri BSGG-nyň «Täze döreýän howplara taýýarlyk we durnuklylyk» (PRET) başlangyjy bilen tanyşdyrmak we Pandemiýa taýýarlyk görmek we oňa garşy göreşmek boýunça milli meýilnamany işläp düzmek boldy.
Seminara saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek, seslenmek we durnuklylyk ýaly bäş esasy ugur boýunça wekiller gatnaşdy: adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleri utgaşdyrmak, bilelikdäki gözegçilik, ilaty goramak, kliniki kömek bermek we pandemiýanyň öňüni almak we göreşmek serişdelerine elýeterlilik.
Bilelikdäki ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda seminara gatnaşyjylar ýurduň pandemiýa garşy göreş meýilnamasyny işläp düzmek üçin esas boljak esasy ylalaşyklara geldiler. Bu meýilnamanyň gerimini we gurluşyny, gyzyklanýan taraplaryň orunlaryny we jogapkärçiligini kesgitlemegi we pandemiýa garşy göreşmegiň milli meýilnamasyny tamamlamak we ony tassyklamak üçin wagt möhletini öz içine alýar.
Dem alyş ugurlarynyň wiruslary sebäpli döreýän pandemiýalar, öňünden aýdyp bolmaýanlygy we saglyga, jemgyýete we ykdysadyýete zyýanly täsirleri ýetirýändigi sebäpli dünýä ýurtlarynyň ilatynyň saglygyna çynlakaý howp döredýär.
Bilelikdäki hyzmatdaşlyk etmegiň tagallalary Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglyk ulgamyny pugtalandyrmak we geljekdäki adatdan daşary ýagdaýlara netijeli jogap bermegi üpjün etmeklige ygrarlydygyny görkezýär – diýlip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.