Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde dabaraly maslahat geçirildi

13:2505.03.2025
0
13160

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ösüşlere beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren maslahaty joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Maslahatda häzirki döwürde zenanlaryň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklary bellenildi.

Döredilýän şertleriň netijesinde, bu günki gün zenanlar ylym-bilimde, medeniýetde, işewürlikde, ykdysady we durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, aň-paýhas, döredijilik başarnyklaryny netijeli durmuşa geçirýärler. Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça halkara forumlara, bäsleşiklere we sport ýaryşlaryna gatnaşyp, işjeňlik görkezýän, ýokary netijeleri gazanýan gelin-gyzlaryň sanynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurtda gelin-gyzlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, zehinlerini ýüze çykarmaklary ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda zenan edebiniň, gözelliginiň we gelin-gyzlaryň asylly zähmetiniň waspy ýetirildi. Çykyş eden zenanlar netijeli zähmet çekmek, çeper döredijilik bilen meşgullanmak we täze sungat eserlerini döretmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Maslahatda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurtda aýal-gyzlara, edaradyr kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, talyp we okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagynyň hem asylly däbe öwrülendigi bellenilip, şu günler bu ugurda degişli dabaraly çäreleriň geçirilýändigine üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň