Maksat Ataberdiýewiç Paşanakow Balkan welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinden boşadylyp, Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Karary bilen, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Myrat Nazarow Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.