Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 33 ýyllygy, hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly «Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty geçirildi.
28-nji fewralda geçirilen maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahatyň dowamynda mugallymlar daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti, ony öwretmegiň döwrebap usullary, şeýle hem olaryň halkara gatnaşyklarynda möhüm hyzmaty barada çykyş edip, bu ugurda özara tejribe alyşdylar. Bu çäre Türkmenistanyň we ABŞ-nyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Wengriýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny bir ýere jemläp, olara özara pikir alyşmaklary üçin uly mümkinçilikler döretdi.
Bellenilişi ýaly, «Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatynyň netijeleri daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmäge we dünýä ylmynda işlenip taýýarlanylan täze usullary iş ýüzünde ulanmaga öz täsirini ýetirer.
Maslahatyň ahyrynda «Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.