«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýollamalaryny tutuş ýurt boýunça ibermek üçin ygtybarly we amatly hyzmaty hödürlemek bilen, çaparçylyk hyzmatyny işjeň ösdürmegini dowam etdirýär. Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmaty her bukjanyň çalt we ýokary hilli eltilmegini kepillendirýär hem-de gönüden-göni iberilen adamyň eline gowşurylmagyny üpjün edýär.
Bu hyzmat ýakynlaryna sowgat ibermek, haryt getirmek ýa-da möhüm resminamalary ibermek isleýänler üçin amatlydyr.
«Türkmenpoçta» ýokary hilli hyzmaty we eltip bermegiň ähli tapgyrlarynda bukjalaryň howpsuzlygyny kepillendirýär. Kompaniýanyň ýokary hünär derejeli çaparlary düýpli taýýarlyk geçýärler, bu bolsa hyzmatyň ygtybarly we çalt bolmagyny üpjün edýär.
Müşderilere amatlylyk üçin «Türkmenpoçta» sargyt etmegiň birnäçe usulyny hödürleýär:
- çapary öýüňize ýa-da iş ýeriňize çagyrmak (+993 12) 92 14 95
- «ÇaparPay» ykjam programmasyny ulanmak
«Türkmenpoçta» ýollamalary ibermek işini Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy üçin mümkin boldugyça amatly we elýeterli etmäge çalyşýar.