Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «ICT Start-Up» bäsleşigine ýüz tutmalaryň kabul edişligi dowam edýär

18:1125.02.2025
0
20202

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Döwlet energetika instituty bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 18-19-njy aprelinde geçiriljek «ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigine ýüz tutmalaryň kabul edişligini dowam etdirýär.

Bäsleşik telekeçilik başarnyklaryny ösdürmäge we öz kärhanalaryny döretmäge ymtylýan zehinli ýaşlara goldaw bermäge gönükdirilendir. Bäsleşige degişli ukyp-başarnyklary bolan we bilim edaralary ýa-da ylmy edaralar tarapyndan hödürlenen 30 ýaşa çenli ýaşlar çagyrylýar.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçiriler: emeli intellekt, robototehnika we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, akylly şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmat ediş ulgamlary.

Gatnaşyjylar PDF formatynda 5-10 sahypa möçberinde öz taslamasynyň tanyşdyrylyşyny taýýarlamalydyrlar we ony 15-nji aprele çenli mailto: ictstartaptdei@gmail.com elektron poçtasyna ibermelidirler. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda hasabatdan daşary, taslama hakynda tanyşdyryş ýa-da wideoşekilli materiallar görkezilmelidir.

Taslamalar şu kategoriýalaryň birine degişli bolmalydyr: kiçi telekeçiligi döretmek, satyn alyş taslamalary, uly möçberli taslamalar, döredijilik ýa-da durmuş taslamalary. Bäsleşige toparlar görnüşinde, şeýle hem şahsy görnüşde gatnaşmak bolýar.

Jemleýji tapgyryň ýeňijileri Bilim ministrliginiň diplomlary, hoşallyk we hormat hatlary bilen sylaglanarlar. Hasaba alynmak üçin şu salgylanma boýunça Google onlaýn sowalnama doldurylmalydyr.

Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasynda irden sagat 09:00-dan agşam 18:00-a çenli geçiriler. Goşmaça maglumatlary şu telefonlar arkaly alyp bolar: +993 522 5-75-02; +993 62 65 88 55.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň