Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ÝOM-lary bilen öňdebaryjy türk uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

13:4025.02.2025
0
22411
Türkmenistanyň ÝOM-lary bilen öňdebaryjy türk uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar
Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

24-nji fewralda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy Erol Özwar bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga Türkiýäniň ýokary bilim guramasynyň bölüm başlyklary, tejribeli hünärmenleri hem gatnaşdylar. Duşuşykda iki ýurduň ýokary hünär bilimini berýän bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejelere çykarmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda Türkmenistanda ýokary hünär bilimine aýratyn üns berilýändigi we bu ugurda Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen bilim, ylym babatda tejribe alyşmagyň ýaşlaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam etjekdigi barada nygtady.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň dünýäniň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girýän bilim edaralary bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkiýe Respublikasyndaky ÖSYM-iň (Ölçemek, saýlap-seçmek, ýerleşdirmek merkeziniň) tejribesini öwrenmek, Türkiýe Respublikasynyň «Çanakkale Onsekiz Mart» uniwersiteti bilen bilelikde «Daşky gurşaw dostlugy okuw moduly» atly taslamany durmuşa geçirmek, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Sosial bilimleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini işjeňleşdirmek, Türkiýe Respublikasynda bilim alýan Türkmenistanly ýaşlaryň okaýan hünär ugurlary, olaryň okuwlaryna ýetişikleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasy tarapyndan Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp ýerlerini bermek, iki döwletiň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän IT merkezleriniň hem-de tehnologiýalar parklarynyň toplan iş tejribelerini öwrenmek, hususan-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkiýe Respublikasynyň halkara indekslenýän žurnallarynda Türkmenistanly professor-mugallymlaryň makalalaryny çap etmek, Türkiýe Respublikasynyň bilim edaralary bilen iki ýurduň edebiýatyna, taryhyna, medeniýetine, Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna dahylly bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmak dogrusynda berlen teklipler Türkiýäniň Ýokary bilim guramasy tarapyndan gyzgyn goldanyldy.

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwar iki doganlyk halkyň ýokary bilim ulgamyndaky başlangyçlaryny hem-de hyzmatdaşlygyny doly goldaýandygyny, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýokary derejede hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga uly isleg bildirýändigini belledi. Aýratyn hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly bilim, emeli aň, oba hojalyk, inženerçilik ugurlarynda hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda tagallalary etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň