Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Umumy orta mekdepleriň rus dili esasynda okadylýan XII synplary üçin algebra okuw kitaby taýýarlanyldy

17:1924.02.2025
0
20161
Umumy orta mekdepleriň rus dili esasynda okadylýan XII synplary üçin algebra okuw kitaby taýýarlanyldy
Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Türkmenistandaky umumy orta mekdepleriň rus dili esasynda okadylýan synplary üçin «Algebra we analiz başlangyçlary» atly XII synp okuw kitaby taýýarlanyldy. Bu kitap mekdep algebra kursunyň jemleýji basgançagydyr. Ony awtorlar topary – Ž.A.Starostina, S.E.Wolkowa, H.Geldiýew we A.Owezow işläp taýýarladylar.

Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, okuw kitaby adaty synplar bilen bir hatarda, matematika çuňlaşdyrylyp öwredilýän synplar üçin hem niýetlenendir. Onda okuwçylaryň aňsatlyk bilen düşünmegi üçin teoretiki mazmun düşnükli dilde beýan edilip, mysallaryň we meseleleriň jikme-jik düşündirişleri berilýär.

Kitap başlangyç bilim derejesi üçin hem-de çuňlaşdyrylan okatmak üçin ýöriteleşdirilen meseleleri öz içine alýar. Mugallym okuwçylaryň bilim derejesine esaslanyp, olaryň mümkinçiliklerine laýyklykda degişli meseleleri saýlap biler. Mundan başga-da, olimpiadalara we ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglaryna taýýarlanmak üçin aýratyn meseleler hem berilýär.

Okuw kitaby halkara ülňülerine laýyklykda aşakdaky bölümleri öz içine alýar:

• I bap: Başlangyç funksiýa we integral

• II bap: Kombinatorika, sannamanyň teoriýasy we matematiki statistika

• III bap: Komplek sanlar — ýokary matematika esaslary

• IV bap: Deňlemeler we deňsizlikler — algebra kursunyň gaýtalanmagy üçin niýetlenen

Okuw kitaby fiziki, biologiki, himiki we ykdysady meseleleri çözmekde integral hem-de diferensial deňlemeleriň ulanylyşyny görkezýär. Bu bolsa dürli ersleriň özara baglanyşygyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň