Türkmenistan talyplar Indoneziýanyň Malang şäherinde geçirilýän 5-nji Ýaşlaryň halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigine özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşýarlar.
Bu halkara forumda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda şol ýokary okuw mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyň ylmy esaslary atly ylmy iş bilen Türkmenistandan wekilçilik edýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Ýaşlaryň halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigi jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylmy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça geçirilýär.
Bu halkara bäsleşik Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy tarapyndan guralyp, oňa 24 ýurtdan 446 topar gatnaşýar.
Halkara bäsleşigiň çäklerinde dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar, ylmyň we tehnologiýanyň geljegine täsirini ýetirip biljek alymlaryň we inženerleriň ýeten üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar. Bu forum oňa gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary üçin hem ylmy işleri bilen tanyşdyrmak we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle-de bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin amatly meýdança bolar. Onuň dowamynda dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we täze tehnologiýalaryň ösüşi ýaly global meseleleriň çözgüdine gönükdirlen innowasion ylmy işler bilen tanyşarlar.
21 — 25-nji fewral aralygynda geçýän bu halkara bäsleşigiň meýilnamasyna laýyklykda, 24-nji fewralda ýeňiji bolan ylmy işleriň eýelerini sylaglamak dabarasy geçiriler.