Türkmenistanda degişli milli maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy. Wise-premýer şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.