Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:0522.02.2025
0
14708

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi, Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna 8-nji martda Prezidentiň adyndan pul sowgady gowşurylar, «Arkadag» Futbol federasiýasynyň Kubogynyň möhletinden öň ýeňijisi boldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ikitataplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/88191/serdar-berdymuhamedov-i-sheih-mansur-bin-zaied-obsudili-sotrudnichestvo

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny iberdi.

https://turkmenportal.com/blog/88190/prezidenta-oae-priglasili-v-ashhabad-na-mezhdunarodnyi-forum-mira-i-doveriya

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň binýadynda Ylmy-barlag merkezini döretmek hakynda Karara gol çekdi.

https://turkmenportal.com/blog/88199/v-turkmenistane-budet-sozdan-nii-zhivotnovodstva-i-veterinarii

4. Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli aýal-gyzlara 60 manat möçberde pul sowgadyny bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Pul sowgatlary 1 — 6-njy mart aralygynda gowşurylar. Resminama laýyklykda, pul sowgady eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara berler.

https://turkmenportal.com/blog/88194/zhenshchinam-turkmenistana-k-8-marta-podaryat-po-60-manatov

5. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgediler. Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Atagulyýewiň degişli teklibini goldady.

https://turkmenportal.com/blog/88212/turkmenskie-tekstilnye-fabriki-poluchat-novuyu-organizacionnuyu-formu

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Osakada geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna, şeýle hem sergide Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar. Sapar aprel aýynda meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen resmi kabul edişlikde belledi.

https://turkmenportal.com/blog/88196/prezident-turkmenistana-posetit-otkrytie-ekspo2025-v-yaponii

Dünýäde

1. Günorta Afrika Respublikasynyň Limpopo sebitiniň ýaşaýjysy 47 ýaşly Jon Mulaudzi nil krokodiline hüjüm edendigi üçin kazyýete çekildi. Bu waka sosial ulgamlarda onuň bendiň aşagyndan çykan süýrenijini urýandygyny görkezýän wideo peýda bolansoň giň meşhurlyga eýe boldy. Häkimiýetiň wekilleri gury ýerde bu süýrenijileriň adamlara howp salmaýandygyny, şonuň üçin hüjüm edeniň hereketlerini özüni goramak diýip hasaplap bolmaýandygyny bellediler.

https://turkmenportal.com/blog/88170/zhitel-yuar-predstanet-pered-sudom-za-zhestokoe-obrashchenie-s-redkim-vidom-krokodila

2. Ledi Gaga Rio-de-Žaneýroda ýerleşýän dünýä belli Kopakabana kenarynda mugt konsertiniň geçiriljekdigini yglan etdi. Giň gerimli şüweleň 3-nji maýda meýilleşdirilýär. Aýdymçy muşdaklaryna iberen hatynda Braziliýanyň halkynyň öňünde çykyş etmek mümkinçiligine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Ledi Gaga braziliýaly muşdaklary üçin ýatdan çykmajak tomaşa taýýarlamagy wada berdi.

https://turkmenportal.com/blog/88213/ledi-gaga-dast-besplatnyi-koncert-na-plyazhe-kopakabana-v-riodezhaneiro

Sport täzelikleri

1. «Arkadagyň» futbolçylary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň möhletinden öň ýeňijisi boldular. Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky topar dördünji tapgyrda «Merwden» 3:0 hasabynda ynamly üstün çykyp, baýraga mynasyp boldy. «Arkadag» 12 utuk toplap, yzyndaky toparlardan ýetip bolmajak derejede ara açdy. Onuň iň ýakyn bäsdeşi «Ahalyň» 9 utugy bar.

https://turkmenportal.com/blog/88207/arkadag-dosrochno-stal-pobeditelem-kubka-federacii-futbola-turkmenistana

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň