Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Germaniýada iş saparynda boldy

16:4919.02.2025
0
18628

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewraly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Germaniýanyň öňdebaryjy hassahanalaryna we klinikalaryna baryp gördüler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar beridi.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti Fraýbrug uniwersitet hassahanasy, RWTH Ahen uniwersitet klinikasy, Heidelberg uniwersitet hassahanasy, Göttingen hassahanasy, Lýudwig Maksimillian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasy, Augsburg uniwersitet hassahanasy we Fürstenfeldbruk hassahanasyna baryp, ol ýerdäki öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdy. Hususan-da, hassahanalaryň lukmançylyk işgärleri, IT we intellektual-seljeriş bölümleriniň hünärmenleri bilen duşuşyklar guraldy we sanly lukmançylyk boýunça dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ady agzalan hassahanalarda elektron lukmançylyk, programma üpjünçiligi, sanlylaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak ýaly ençeme ugurda guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy babatynda tejribeler öwrenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň