Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

18-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:2318.02.2025
0
18192

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Pan Gi Mun Türkmenistanyň ählumumy durnuklylyga goşýan goşandyna ýokary baha berdi, Serdar Berdimuhamedow türkmen diplomatlaryny hünär baýramy bilen gutlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutany meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmegi, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

2. BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Mun Türkmenistany hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady. Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi bilen duşuşykda ol soňky otuz ýylyň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna yzygiderli ygrarlydygyna, sebit parahatçylygyna we ösüşine işjeň goldaw berýändigine, şeýle hem ynsanperwer daşary syýasata ygrarlydygyna ýokary baha berip, olaryň görelde alarlykdygyny aýtdy.

3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip gelýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugyň öňünde ýurduň milli bähbitlerini goramak, halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyny nygtady.

4. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň diplomatik işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady. Wolynkin gysga taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistanda ykrar edilen diplomatik mekdebiň dörändigini belledi. Onuň mümkinçilikleri yzygiderli ösýär – Aşgabatda yzygiderli halkara çäreleri geçirilýär, Türkmenistanyň başlangyçlary dünýä derejesinde gyzyklanma döredýär we dünýädäki durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýar.

5. Häzirki wagtda ýurduň ýolbaşçylarynyň başlangyçlary netijesinde, halkara giňişliginde uly üstünlik gazanan türkmen diplomatiýasy milli bähbitleri goramak we halkara giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak bilen, döwlet syýasatynyň täsirli guralyna öwrüldi diýip, Gyrgyzystanyň ilçisi Azizbek Madmarow türkmen diplomatlaryna iberen gutlag hatynda belläp geçdi.

6. 11 – 13-nji iýun aralygynda Aşgabat bütin dünýäden dokma senagatynyň wekilleriniň üns merkezine öwrüler. Bu günlerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasynyň guramagynda «Turkmentextile Expo-2025» halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Serginiň çäklerinde türkmen we daşary ýurtly dizaýnerleriň moda kolleksiýalarynyň görkezilişleri hem geçiriler.

Dünýäde

7. Eýranyň paýtagtynda bäş Hazarýaka döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda III Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. Bu çärä Azerbaýjandan, Eýrandan, Russiýadan, Türkmenistandan we Gazagystandan ulag ulgamyna wekilçilik edýän wekiller, söwda guramalary hem-de işewür toparlar gatnaşýarlar.

8. «Karib deňziniň garakçylary» atly meşhur film franşizasynyň baş gahrymanynyň gatnaşmagynda dowamy surata düşüriler. Jonni Depp filmiň täze bölüminde kapitan Jek Serçäniň keşbine gaýdyp geler, surata düşürmek işleri eýýäm başlandy. Filmiň ssenarisini asyl trilogiýanyň awtory Ted Elliot ýazýar.

Sport täzelikleri

9. Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynda «Barselona» öz meýdançasynda «Raýo Walýekanony» ýeňdi. Barselonada geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. 28-nji minutda Robert Lewandowski 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. «Barselona» yzly-yzyna dördünji ýeňşini gazanyp, 51 utuk toplady we goşmaça görkezijiler boýunça «Realdan» öňe geçip, ýaryşyň sanawynda birinji orna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň