Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0913.02.2025
0
19413

Raşid Meredow Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk geçirdi, Aşgabatda italiýan dizaýny boýunça umumy sapaklar başlandy, futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy CAFA çempionatynda Täjigistanyň toparyny ýeňdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Eýran Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw serişdeleri we beýleki ugurlar boýunça has netijeli iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşykda aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/87859/iran-nacelen-na-vzaimodeistvie-s-turkmenistanom-v-energetike-transporte-i-vodnyh-resursah

2. Çarşenbe güni Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Geňeşmelere Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/87857/politicheskie-konsultacii-mezhdu-mid-turkmenistana-i-irana-proshli-v-tegerane

3. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu köptaraplaýyn düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga ymtylýandygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi.

https://turkmenportal.com/blog/87858/meredov-turkmenistan-stremitsya-sposobstvovat-povysheniyu-effektivnosti-oes

4. «Modenese Gastone Interiors» kompaniýasynyň wekili Leandro Skalko Aşgabatda italýan dizaýny boýunça umumy sapak berýär. Myhman eýýäm Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp gördi. Onuň üçin akademiýanyň muzeýi bilen tanyşlyk gezelenji, binagärlik we dizaýn bölümleriniň mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşyk guraldy.

https://turkmenportal.com/blog/87862/v-ashhabade-prohodyat-lekcii-po-italyanskomu-dizainu

5. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni ýod, brom, we brom önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça halkara bäsleşik. yglan edýär. Taslama Günbatar Çeleken känindäki çig mal bazasynyň we «Balkanabat» ýod zawodynyň durkuny täzelemegi hem öz içine alýar.

https://turkmenportal.com/blog/87853/turkmenistan-obyavil-tender-na-stroitelstvo-novogo-iodobromnogo-zavoda

6. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginiň çäginde umumy meýdany 98 gektar bolan täze döwrebap şäherçe gurulýar. Gurluşyk tamamlanandan soň, täze şäherçäniň ýaşaýyş jaý gory 400 öýden, şol sanda iki gatly kottejlerden ybarat bolar. Durmuş-medeni maksatly desgalaryň hatarynda 420 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi, Medeniýet öýi, toý dabaralaryny geçirmek üçin döwrebap merkez we beýleki desgalar bar.

https://turkmenportal.com/blog/87860/v-severnom-regione-turkmenistana-stroitsya-novyi-poselok-v-400-zhilyh-domov

Dünýäde

1. Täze ylmy gözleg plastik gaplardan iýmit iýmek bilen ýürek ýetmezçiliginiň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Hytaýyň 3000-den gowrak ýaşaýjysynyň gatnaşmagynda geçirilen gözleg iýmit üçin plastik gaplary yzygiderli ulanmagyň ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli ýokarlandyrýandygyny ýüze çykardy. Gözlegçiler täsir mehanizminiň içege mikroflorasynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarlar, bu bolsa öz gezeginde ýürek-damar ulgamyna ýaramaz täsir edýän çişme proseslerini döredýär.

https://turkmenportal.com/blog/87870/uchenye-obnaruzhili-svyaz-mezhdu-pishchei-iz-plastikovyh-konteinerov-i-problemami-s-serdcem

2. «Interwideniýe» atly halkara aýdym-saz taslamasy 20-den gowrak ýurtdan wekiliň gatnaşjakdygyny tassyklady. Bäsleşige GDA, Latyn Amerikasy, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan wekiller gatnaşar. Bäsleşik dürli ýurtlaryň milli däplerine esaslanýan meşhur aýdym-sazlaryň köpdürlüligini görkezmek üçin özboluşly meýdança bolar. «Interwideniýe» 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Moskwada we Moskwa oblastynda geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/87838/bolee-20-stran-podtverdili-svoe-uchastie-v-muzykalnom-konkurse-intervidenie

Sport täzelikleri

1. Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň üçünji tapgyrynda Täjigistany 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýundaky ýeke-täk gol 12-nji minutda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Litwanyň «Žalgiris» toparynyň ýarymgoragçysy Maýa Musaskaýa tarapyndan derwezä gönükdirildi. Üç tapgyrdan soňra Türkmenistan 4 utuk bilen CAFA ýaryşynyň sanawynda ikinji orna çykdy. 14-nji fewralda geçiriljek dördünji tapgyra Kamil Mingazowyň şägirtleri Eýranyň topary bilen duşuşarlar.

https://turkmenportal.com/blog/87861/turkmenistan-pobedil-tadzhikistan-na-zhenskom-chempionate-cafa-po-futzalu

2. Türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew 2 Daşkentde geçirilen II Halkara «Al-Biruni» küşt ýaryşynda Futures derejesi boýunça ýeňiş gazandy. Dokuz tapgyrdan soň, Atabaýew öz derejesinde on gatnaşyjynyň arasynda iň gowy netije görkezmegi başardy. Türkmen türgeni halkara ýaryşyň kubogy we 3500 ABŞ-nyň dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.

https://turkmenportal.com/blog/87844/turkmenskii-shahmatist-zavoeval-zoloto-na-turnire-v-tashkente

3. Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda geçirilýän sambo göreşi boýunça 29-njy Halkara ýaryşyň ikinji gününde türkmen türgenleri jemi ýedi medal, ýagny bir altyn, iki kümüş we bäş bürünç medal gazandylar. Söweş sambosy boýunça türgenler iň gowy netijeleri görkezdiler. Kadyrjan Gafurow, Kerim Kerimow we Isa Arslanow 71 kg çenli agram derejesinde degişlilikde, altyn, kümüş we bürünç medallary gazanyp, hormat münberiniň ähli basgançaklaryny eýelediler.

https://turkmenportal.com/blog/87856/turkmenskie-sambisty-zavoevali-7-medalei-vo-vtoroi-den-mezhdunarodnogo-turnira-v-belarusi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň