Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, Türkmenistan we Türkiýäniň «BOTAŞ» kompaniýasy tebigy gazy Eýranyň üsti bilen ibermek barada ylalaşdylar, Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkiany ýurduň milli baýramy bilen gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiana türkmen tarapynyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen SWAP usuly arkaly Türkiýä ibermek boýunça «BOTAŞ» türk kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Masud Pezeşkiany 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara liderler forumyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny tassyklap, şu maksat bilen ýakyn günlerde türkmen döwletiniň daşary işler ministri Raşid Meredowy sapar bilen Eýrana ibermegi teklip etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 17-18-nji fewralynda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumynyň geçiriljekdigini, oňa Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýetiň hem gatnaşjakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.
2. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Pezeşkiana Türkmenistanyň suw meselelerine bolan garaýşyny beýan edip, bu ugurda bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi.
3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Eýrany köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.
4. Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Dünýäde
5. 2017-nji ýyldan bäri Belgiýada her ýyl geçirilýän alkogolsyz durmuş ýörelgesi başlangyjyna ýurduň bir ýarym milliondan gowrak ýaşaýjysy gatnaşar. Raýatlary bir aýlap spirtli içgilerden saklanmaga çagyrýan bu çäre möhüm jemgyýetçilik hereketine öwrüldi. Belgiýanyň saglygy goraýyş institutynyň statistikasy meseläniň derwaýysdygyny görkezýär: alkogolly içgileriň sarp edilmeginiň gönüden-göni netijeleri ýurtdaky ölümleriň 3%-ine sebäp bolýar, gytaklaýyn şertler göz öňünde tutulanda bolsa bu görkeziji 10%-e çenli ýokarlanýar.
6. Neýrotor ulgamlarynyň sungatyna bagyşlanan ilkinji sergi-söwdasynyň öňüsyrasynda «Christie's» auksion öýi bilen sungat jemgyýetiniň arasynda çynlakaý dawa ýüze çykdy. Üç müňden gowrak sungat işgäri emeli aňyň kömegi bilen döredilen eserler görkeziljek auksionyň ýatyrylmagyny talap edýän haýyşnama gol çekdi. Sergä garşy çykýan suratkeşler ulanylýan emeli aň ulgamlarynyň döredijileriniň razyçylygy bolmazdan sungat eserleri esasynda tälim alandygyny öňe sürýärler. Suratkeşler açyk hatda şeýle auksionlaryň awtorlyk hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyny we adaty döredijilere zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.
Sport täzelikleri
7. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Harbinde geçirilen gyşky Aziýa oýunlaryndaky çykyşyny 10-njy orunda tamamladylar. Ýaryşyň jemleýji oýnunda Ylýas Weliýewiň şägirtleri 4:8 hasabynda Kuweýtiň toparyndan ýeňildiler. Indi sekiz topar – Gazagystan, Gonkong, Günorta Koreýa, Gyrgyzystan, Hytaý, Taýwan, Ýaponiýa we Tailand Aziada-2025-iň çempiony diýen at ugrunda bäsleşigi dowam etdirerler.
8. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy futsal boýunça CAFA-nyň çempionatynda Özbegistanyň toparyndan ýeňildi. Duşuşyk Duşanbe şäherinde geçirildi we özbek toparynyň peýdasyna 6:3 hasabynda tamamlandy. Ýaryşa Gyrgyzystandan, Eýrandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan bäş zenanlar topary gatnaşýar. Olar öz aralarynda aýlaw tertibinde oýunlar esasynda çempiony kesgitlärler. 12-nji fewralda geçiriljek indiki tapgyrda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Täjigistanyň wekilleri bilen duşuşar.