Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Türkiýäniň BOTAŞ kompaniýasy Eýranyň üsti bilen gaz ibermek barada ylalaşdy

10:3111.02.2025
0
18840

Türkmen tarapy öz gazyny «SWAP» shemasy arkaly Türkiýäniň BOTAŞ nebit-gaz kompaniýasy bilen Eýranyň çäginden üstaşyr ibermek barada ylalaşyga geldi. Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Masud Pezeshkian bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda aýtdy – diýip, TDH agentligi habar berýär.

«Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen «SWAP» usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça «BOTAŞ» kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy» - diýlip, habarda bellenýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mary-Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça «Mary» döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklip edendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, eýran tarapy bilen zerur gepleşikler geçirildi we degişli hukuk resminamasyna gol çekildi: taslamanyň Eýranyň kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň