Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Diplomatik bellikler» aýdym-saz agşamlary başlandy

10:3510.02.2025
0
18132

Russiýanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda kabul edişlik geçirildi. Onuň çäklerinde «Diplomatik bellikler» aýdym-saz agşamlarynyň tapgyryna badalga berildi. Çärede Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumow myhmanlaryň öňünde çykyş etdi.

Konsertden soň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, diplomatik korpusyň, işewürleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin gutlag çykyşynda Russiýanyň diplomatik gullugynyň taryhy barada gysgaça gürrüň berdi we diplomatik korpusyň gündelik işi we ýaşaýyş durmuşy üçin ajaýyp şertler döredip beren Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Ahmet Gurbanow rus diplomatlaryna ýurtlaryň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmaga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçi Wolynkin hem öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Diplomatik işgärleriniň güni Russiýada her ýyl 10-njy fewralda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň