«Türkmenistan» awiakompaniýasy umra ýa-da haj zyýaratyny berjaý etmek maksady bilen Saud Arabystanyna syýahat edýän zyýaratçylar üçin täze lukmançylyk talaplarynyň bardygy barada habar berýär.
Indi zyýarat bilen bu ýurda barýanlar üç sanjymyň edilendigi hakynda şahadatnamany görkezmelidirler: poliowirusa garşy, meningok meningitine garşy we sary gyzdyrmа garşy. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Talaplar baradaky jikme-jik maglumaty şu salgylanma boýunça Saud Arabystanynyň saglygy goraýyş ministrliginiň saýtyndan anyklap bolar.