Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçiriler

15:5203.10.2024
0
4240
Abu-Dabide  Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçiriler
Surat: ashgabat.in

Şu ýylyň 7-8-nji noýabr aralygynda Abu-Dabide türkmen we daşary ýurtly işewürler üçin möhüm halkara çäresi, ýagny “Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Ählumumy maslahat” geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Maslahat Türkmenistanda eýýäm iş alyp barýan kompaniýalara ýurduň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlylygyny açyp görkezmäge, döwlet we hususy böleginiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we söwda mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän täze işewürlik edaralaryny çekmäge ýol açar.

Iri türkmen we halkara kompaniýalary, şol sanda BP, Auguste Energy, Buried Hill, Metro we Çalık Enerji kompaniýalary çärä gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Maslahat "ADIPEC" sergisiniň yz ýanyndan geçirilip, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk we ösüş meseleleri boýunça pikir alyşmalara goşulyşmaga mümkinçilik berer.

Maslahatyň guramaçylary ähli gyzyklanma bildirýänleri maslahata gatnaşmaga we Türkmenistanyň işewürlik üçin açyp berýän mümkinçilikleri barada maglumat almaga çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň