Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aziýada tüwiniň bahasy Hindistandan gowşan habarlar bilen baglylykda arzanlady

16:5704.10.2024
0
3604
Aziýada tüwiniň bahasy Hindistandan gowşan habarlar bilen baglylykda arzanlady
Surat: gazeta.ru

Aziýada tüwi Hindistandan gowuşýan oňyn täzelikler bilen baglylykda, güýçli arzanlady. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Çarşenbe güni söwdalaşyklarda 5 göterim arassalanan taý ak tüwisiniň bahasy 11 göterim, ýagny bir tonna üçin 509 dollara çenli arzanlady. Bu 2008-nji ýylyň maýyndan bäri iň pes nyrhdyr.

Geçen ýyl Hindistan ýerli saýlawlaryň öňüsyrasynda tüwiniň daşary bazarlara satuwyna çäklendirme girizipdi. Ýurt dünýäde bu däne ekinini iň iri eksport edijidir. Netijede, sebitde tüwi görnetin gymmatlady. Mysal üçin, awgustda Ýaponiýada tüwiniň bahasy 28,3 göterim gymmatlady, bu 1975-nji ýylyň sentýabryndan bäri nyrhlaryň iň ýokary gymmatlamagy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň