Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hojalyk hasaplaşygynda iş alyp barar

08:0105.10.2024
0
979

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de bu merkez hakyndaky Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 4-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilata halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap sagaldyş-dikeldiş kömegini guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň