Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly lotereýa petegine öz maşgalasynyň doglan günlerini ýazyp, 24 million ýuan utdy

17:4004.10.2024
0
3939
Hytaýly lotereýa petegine öz maşgalasynyň doglan günlerini ýazyp, 24 million ýuan utdy
Surat: vfokuse.mail.ru

Hytaýyň Anhoý ilkesinde ýaşaýan maşgalabaşy öz ýakynlarynyň doglan günleriniň senesiniň özüne şowlulyk getirjekdigine ynanýardy, ol munuň üçin ýedi ýyllap, olary her bir lotereýa petegine ýazyp geldi.

Ahyrynda Huan atly erkek kişä şowlulyk gülüp bakdy, ol ýerli lotereýa oýnunda 24 million ýuan utuş gazandy. Bu barada «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

Huan öz utuşyny ýerlikli ulandy, ýüz müň ýuany haýyr-sahawata bagyşlady, galan pula maşgalasy üçin täze öý gurmagy wada berdi.

Huanyň utuş gazanan «Iki reňkli şar» lotereýasy Hytaýda iň meşhurlaryň biridir we 2003-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bir petegiň bahasy 10 ýuan töweregi bolmak bilen, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda olaryň 300 milliona golaýy satyldy.

«Ýeri gelende aýtsak, Hytaýda dürli lotereýa oýunlary bar, şonuň üçin iri utuşlar baradaky habarlar yzygiderli gelip gowuşýar» diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň