Top.Mail.Ru

«Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» tassyklandy

09:2005.10.2024
0
680

«Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ortaça ýaşyny uzaltmak, yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň