Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler

09:5105.10.2024
0
1985
Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler
Surat: atavatan-turkmenistan

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada dokuz aýyň jemlerine bagyşlanyp, 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy. Wise-premýer bu çärä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, VI Wena balyna ýurtda giňden belleniljek Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaralara, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadag şäherinde geçiriljek VI Wena balyna gowy taýýarlyk görmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, mundan ozal 2023-nji 11-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň