Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy

23:2130.09.2024
0
10728
Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy
Surat: russia.tmembassy.gov.tm

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň howlusynda Gündogaryň görnükli akyldary, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň bürünçden ýasalan heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasynyň berýän habaryna görä, heýkeli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, heýkeltaraş Zahid Babaýew tarapyndan taýýarlanypdyr. Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramaçylygynda geçirilen çäre Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary bilen ugurdaşlykda geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinde ozal hem Magtymguly Pyragynyň ýadygärligidir heýkelleri açylypdy. Olaryň ilkinjileriniň biri hökümde 2008-nji ýylda Stawrapol sebitiniň Blagoderenskiý etrabynyň Edelbaý obasynda açylan ýadygärligi ýatlamak bolar. Häzirki wagtda bu sebitiň Ipatowskiý, Türkmenkiý, Blagodarnenskiý, Arzgirskiý we Neftekumskiý etraplarynda türkmenler kowçum bolup ýaşaýar. Umuman alanyňda, bu sebitdäki türkmenleriň sany 15 müňden geçýär.

Heýkeliň açylyş dabarasyna türkmenistanly medeniýet we sungat ussatlary gatnaşyp, şowhunly aýdym-sazlar, tanslar bilen çykyş etdiler, şahyryň goşgularyndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi. Dabarada Döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň baş müdiri Pawel Kuzmin we Türkmenleriň Russiýadaky diplomatik wekilhanasynyň başlygy Esen Aýdogdyýew gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň