Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklandy

09:2505.10.2024
0
829

«Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de bu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Milli strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Resminama Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny hem-de «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 –2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň