Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan we Lebap welaýatlarynda 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary gurlar

09:3505.10.2024
0
1976

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Balkan we Lebap welaýatlarynyň hersinde bir sany 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam Ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga, Mary welaýatynda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud Ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşygy baglaşmaga hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ilata keselleriň ýokary hilli öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş kömegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň