Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti halkara balykçylyk hojalygy forumyna gatnaşdy

10:2102.10.2024
0
5648

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara balykçylyk hojalygy forumyna gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde balykçylyk hojalygynyň, deňiz önümleriniň hem-de enjamlarynyň sergisi hem geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär. Şeýle-de forumyň maksatnamasynyň çäklerinde mowzuklaýyn tegelek stollar, ylmy-amaly hem-de biznes seminar gurnaldy.

«Global Fisheri Forum & Deafood Expo Russia 2024» işewürlik maksatnamasynyň çäginde «Balykçylyk pudagynda bilim we gözleg taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara ylmy we bilim forumynyň tegelek stoly geçirildi. Onda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy S.Annamuhammedow çykyş etdi.

Çykyşlardan soň, balykçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alyşyldy. Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki şahamçasynyň ýolbaşçylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň