Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä ummanynyň maýlama depgini 2005-nji ýyldan bäri iki esse çaltlandy

12:5301.10.2024
0
4860
Dünýä ummanynyň maýlama depgini 2005-nji ýyldan bäri iki esse çaltlandy
Surat: belta.by

Dünýä ummanynyň suwunyň maýlama depgini 2005-nji ýyldan bäri iki essä golaý çaltlandy diýip, AFP habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Dünýä ummanynyň maýlamasy, alymlaryň tassyklamagyna görä, geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryndan bäri dowam edýär. Takmynan 2005-nji ýyldan bäri bu depgin tas iki essä golaý çaltlandy diýip, «Copernicus Marine Service» («Kopernik» deňiz gullugy) edarasynyň okeanografy Karina fon Şukmann täze hasabat bilen tanyşdyranda aýtdy.

Howanyň üýtgemegi boýunça Hökümetara bilermenler toparynyň maglumatlaryna görä, 1970-nji ýyldan bäri ummanlar parnik gazlaryň zyňyndylarynyň artmagy netijesinde emele gelen howa ulgamynyň artykmaç ýylylygynyň 90 göterimden gowragyny özüne siňdirdiler. Maýlama şeýle-de deňziň ýylylyk tolkunlarynyň güýçlenmegine getirdi. Bu ýagdaý haçanda deňziň ýa-da ummanyň üstki suw gatlagynyň temperaturasy uzak wagtlap görnetin ýokarlananda bolup geçýär.

Alymlar ummanyň maýlamagynyň öz nobatynda has howply deňiz harasatlarynyň döremegine eltýändigini belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň