Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy

09:1527.09.2024
0
8389

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 26-njy sentýabrda milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurduň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti A.Nurmuhammedowanyň we “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Adalatly Arkadagym bar meniň, Arkadagly Serdarymyz bar biziň” atly aýdym-sazly kompozisiýa giň gerimli dabaranyň ajaýyp başlangyjy boldy.

Tomaşaçylar “Şowhun” çagalar tans toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, “Arçabil” deprekçiler toparynyň bilelikde ýerine ýetiren “Oguzlar” atly baýramçylyk edebi-sazly kompozisiýasyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. “Mukam” skripkaçylar toparynyň “Buýsançly nagmalar” atly kompozisiýasy dabara aýratyn joşgun berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly aýdym-sazly horeografik çykyş tomaşaçylara aýratyn lezzet paýlady.

Konsert belli sazandalaryň, estrada ýerine ýetirijileriniň, folklor-tans toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Ussat ýerine ýetirijiler bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş aýdymçy-sazandalar hem zehinlerini görkezdiler. Olaryň aglabasy ýurduň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijileridir. Tomaşaçylar “Arkadagly Serdarym” atly aýdymy uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Onuň joşgunly sözlerinde döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallyk, iň ýakymly arzuwlar, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurduň nurana geljegine ynam beýan edilýär.

Sahnada milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň nusgawy hem-de häzirki zaman eserleriniň iň gowy nusgalary ýaňlandy. Özboluşly wokal-horeografik çykyşlar ýerine ýetirildi. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny janlandyrýan etnografik çykyş hem baýramçylyk maksatnamasy bilen sazlaşykly utgaşdy. Döwlet tans topary, «Galkynyş», «Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Serpaý», «Miras», “Aşgabat” toparlary tans we horeografik çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Konsert maksatnamasyna häzirki döwrüň hem-de nusgawy şahyrlaryň goşgularyna döredilen aýdymlar girizildi. Soňra “Arkadagym, Arkadagly Serdarym” atly aýdym ýaňlandy.

Gahryman Arkadagyň sözlerine döredilen “Jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Häzirki zaman audio-wideo tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň” atly sahna eseri şeýle çykyşlaryň biri boldy. “Miras” folklor tans toparynyň we beýleki belli horeografik toparlaryň ýerine ýetiren çykyşy parahatçylyk taglymyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň ajaýyp milli däp-dessurlaryny, myhmansöýerlik, dostluk häsiýetlerini açyp görkezdi.

Ýurduň estrada aýdymçylarynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň we konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkyň bagtyýar döwrüniň, döwlet Garaşsyzlygynyň senasy bolup ýaňlanan “Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan” atly joşgunly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň