Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-britan söwda dolanyşygy 53 million funt sterlinge deň boldy

12:5523.09.2024
0
4859
Türkmen-britan söwda dolanyşygy 53 million funt sterlinge deň boldy
Surat: newscentralasia.net

2023-nji ýylyň apreli — 2024-nji ýylyň apreli aralygynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 53 million funt sterlinge deň boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Söwda we işewürlik ministrligi habar berdi.

Hasabat döwründe Beýik Britaniýanyň Türkmenistana amala aşyran eksporty 38 million funt sterlinge barabar boldy. Şonuň 23 milliony harytlaryň, 18 milliony bolsa hyzmatlaryň paýyna düşýär.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýa eksport eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy bolsa 15 million funt sterlinge deň boldy. Bu ugurda 53,3 göterim ösüş gazanylyp, umumy möçberiň 14 milliony harytlaryň, 1 milliony bolsa hyzmatlaryň eksportyna degişli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň