Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekili COMCEC iş toparynyň Ankaradaky mejlisine gatnaşdy

18:1422.09.2024
0
8802

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili 16-17-nji sentýabr aralygynda Ankarada geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we Söwda Hyzmatdaşlygy Komitetiniň maliýe hyzmatdaşlygy boýunça (COMCEC) iş toparynyň 22-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekili YHG-nyň agza ýurtlarda töleg ulgamlaryny sanly görnüşde özgertmek boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen duşuşyga gatnaşdy diýlip, bellenilýär.
Duşuşykda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň maliýe geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we gözleg hasabatynyň taslamasy berildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar hususy pudak bilen aragatnaşyk saklamak, sanly formatlaryň ulanylyşyny giňeltmek we geljegi barada tejribe alyşdylar.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynda töleg ulgamlaryny sanly ulgama geçmek ugrundaky esasy meseleler we üstünlikler, şeýle hem COMCEC taslamalaryny goldamak üçin beýleki ädimler bahalandyryldy.

Häzirki wagtda COMCEC-e 57 agza ýurt, şeýle hem dört yklymda ýerleşýän 5 synçy ýurt girýär. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň