Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi

11:0821.09.2024
0
10899
Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 20-nji sentýabrda geçirilen bu maslahata ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde orta we uzak möhletleýin döwür üçin «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologik taýdan kabul ederlikli tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramak babatda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynyň hem zerur bolup durýandygyny nygtamak gerek. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy we daşky gurşawa zyýanyň iň pes derejesini üpjün etmek çemeleşmesi gurluşyk serişdelerini öndürmek döwründen başlap, tä desgalary ulanmaga tabşyrmaga çenli ähli tapgyrlarda durmuşa geçirildi.

Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy ekologik abadançylygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan zawod-fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik talaplara laýyk gelmegini gazanmak babatda anyk işler ýerine ýetirilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işi tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, energiýa tygşytlylygyny hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş maksatly ulanylýan önümleriň galyndylaryny dolandyrmak, ekoulgamlary gorap saklamak ýaly anyk ugurlar boýunça amala aşyrylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, maliýe ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary ulgamlary boýunça önümçilik kärhanalarynyň döredilmegi hem ileri tutulýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar netijeli zähmet çekmäge döredýän hemmetaraplaýyn şertleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň