Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy. Bu barada Täjigistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljeginiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.