Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Türkmenistana 150 million amerikan dollarlyk nebit däl önümleri eksport etdi

10:4917.09.2024
0
6495

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 4 aýynda (20-nji mart — 20-nji iýun) ýurduň Türkmenistana nebit däl önümleriniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, pul möçberinde 10 göterim, mukdar babatda 9,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýranyň Gümrük müdirligi habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, hasabat döwründe Eýranyň türkmen bazaryna iberen nebit däl önümleriniň umumy bahasy 150 million amerikan dollaryna, umumy mukdary 443 müň tonna deň boldy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 4 aýynda Eýranyň nebit däl önümleriniň eksportynyň umumy möçberi 47,9 million tonna hem-de umumy bahasy 17,5 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkezijiler geçen ýylyň 4 aýyndakydan degişlilikde 4,6 we 10 göterim köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň