Top.Mail.Ru

Russiýanyň iň baý zenanlarynyň sanawy belli edildi

10:2631.08.2024
0
15645
Russiýanyň iň baý zenanlarynyň sanawy belli edildi
Surat: gazeta.ru/Wildberries.ru

«Wildberries» kompaniýasyny esaslandyryjy we baş direktory Tatýana Bakalçuk üçünji gezek «Forbes» žurnalynyň düzýän Russiýanyň iň baý aýallarynyň 2024-nji ýyldaky 20-liginiň başyny çekdi.

Bakalçugyň maýasy 2024-nji ýylda 5,5 mlrd dollar bahalanýar. Sanawda ikinji orunda 2,45 mlrd dollar emläk bilen Tatýana Litwinenko ýerleşdi. Ol 2022-nji ýylda adamsy Wladimir Litwiýenkodan «Fosagro» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 20,6 göterimini miras aldy.

Üçünji orunda işewür Andreý Skoçuň gyzy Warwara Skoç ýerleşdi. Ol 2,2 mlrd dollarlyk emlägiň eýesi bolup, USM holdinginde paýyň eýesidir.

Dördünji orunda «Inteco Management» kompaniýasynyň eýesi Ýelena Baturina 1,3 mlrd dollarlyk maliýe emlägi bilen ýerleşdi.

Bäşinji orunda ýag alynýan ekinleri gaýtadan işleýän «Содружество» toparynyň 50 göterimine gözegçilik edýän Natalýa Lusenko orun aldy. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň