Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň akademiýasy tarapyndan onlaýn okuwlara badalga berildi

16:0512.08.2024
0
7164

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy martynda geçiren mejlisinde Awtomobil ulaglary halkara birleşigi (IRU) tarapyndan ygtyýar berlen okuw merkezini açmak barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigine «Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiýasiýasy» (THADA) bilen bilelikde «Awtoulagda Halkara daşaýjylary taýýarlaýan okuw merkezi» hojalyk jemgyýetini açmak boýunça degişli işleri geçirmäge görkezme berildi.

Okuw merkezi halkara gatnawlarda, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşaýan sürüjileri we ulag operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagy göz öňüne tutýar.

Okuw merkezine ştab kwartirasy Ženewada ýerleşýän Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi tarapyndan akkreditasiýa berler.

Şoňa laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň akademiýasy tarapyndan 13-15-nji awgust aralygynda gysga wagtlaýyn okuwlaryň görnüşleri boýunça okatjak mugallymlary taýýarlamak işine badalga berildi. Şol maksat bilen Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw otaglarynda Halkara gatnawlary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň operatorlaryny (menejer) taýýarlajak mugallymlaryň birnäçesini ugur boýunça okadyp, degişli tertipde synag alnandan soň, IRU-nyň akademiýasynyň laýyklyk sertifikatyny bermek üçin onlaýn okuwlara girişildi.

Okuwlar umumy 5 tapgyrda bolar. Geljekde halkara gatnawlary amala aşyrýan sürüjilere laýyklyk sertifikatlary bermek, tahograflar bilen işleýän sürüjileri, goşlary we ýolagçy gatnatjak sürüjileri, howply ýükleri daşajak sürüjileri hünär taýdan taýýarlamaga gatnaşjak mugallymlary taýýarlamak boýunça okuwlar bilen dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň