Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň günbatar sebitinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň täze binalary açyldy

09:3924.09.2024
0
11972

Ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Magtymguly hem-de Etrek etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşirinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, dabaralarda çykyş edenler olara gatnaşyjylary şanly baýramçylyk hem-de edara binalarynyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen gutladylar. Şeýle-de olar içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we ýurduň ulag düzümini yzygiderli kämilleşdirmekde döwlet tarapyndan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hoşallyk bilen aýratyn belläp geçdiler.

Dabaralaryň dowamynda täze binalaryň gurluşygynda has tapawutlanan ussat gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Sebitiň aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary belentden ýaňlandy.

Soňra dabaralara gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň döwrebap iş mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar. Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly ulgam dabaralara gatnaşanlarda gyzyklanmalary döretdi. Binalaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna daýanýan kuwwatly anyklaýyş, bejeriş we ölçeýji enjamlar bilen üpjün edilmegi awtoulaglara tehniki gözegçilik işlerini ýokary hilli guramaga mümkinçilik döredýär. Şonuň ýaly-da ösen enjamlaryň kömegi bilen awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy kesgitlenýär.

Bu ýerde ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, olaryň işlän wagty bölüp çykarýan gazynyň möçberi, tizlik görkezijisiniň işleýşi anyklanýar. Kompýuterler arkaly işleýän kämil enjamlar dürli kysymly ulag serişdeleriniň tehniki guratlygyny barlap, şonuň netijesinde näsazlyklary dessine düzetmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň