Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eseriniň birinji jildi pars diline terjime ediler

10:5010.07.2024
0
6755

6-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat Lukmançylyk uniwersitetinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ wekilleriniñ we Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat Lukmançylyk uniwersitetiniñ professor mugallymlarynyñ gatnaşmagynda Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Alym Arkadagymyzyñ “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eseriniň birinji jildiniň pars diline terjime etmäge başlanylmagynyň dabarasy geçirildi.

Dabaraly maslahatda birnäçe meseleleriñ möhüm ugurlarynyñ hatarynda özleriniñ melhemlik häsiýetleri bilen tapawutlanýan, endemik hasaplanýan dermanlyk ösümliklerini ylmy taýdan öwrenmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Lukmançylyk ugrundaky iki taraplaýyn özara bähbitli şeýle duşuşyklaryñ geçirilmegi, ylym, bilim we lukmançylyk ugrunda hyzmatdaşlygyñ halkara derejesinde hem mundan beýläk-de ösdüriljekdiginiñ aýdyñ subutnamasy boldy. Bu iki dostlukly gatnaşyklaryñ asyrlaryñ jümmüşinden gözbaş alýandygyna we Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryñ mizemezdigine şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň