Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen lukmanlary Germaniýada okuw saparynda boldular

17:0918.09.2024
0
7202

Türkmen lukmanlary awgust aýynyň 3-inden sentýabr aýynyň 15-i aralygyna çenli Germaniýa Fedaratiw döwletiniň Mýunhen, Berlin şäherlerinde okuw saparynda boldular. Oňa Lebap welaýatyndan iki sany neýrohirurg, ýagny welaýat köpugurly hassahansynyň neýrohirurgiýa bölüminiň müdiri Ahmet Ergeşow bilen şol bölümiň lukmany Merdan Nazarow dagy gatnaşdy. Saparyň çäklerinde dostlukly döwletiň dünýä belli saglyk merkezleriniň professorlary bilen tejribe alyşmak we bilimimizi kämilleşdirmek mümkinçiligi döredildi.

Has dogrusy, olar Mýunhen şäherindäki LMU neýrohirurgiýa klinikasynda professor Kristian Şikhordan tälim aldylar. Berlin şäherinde bolsa dünýä belli CHARITE klinikasynda hünär tejribelerini artdylar. Ol ýerlerde türkmen lukmanlary kelle beýnisindäki kesellerini (täze howply döremeleri, insulty, garaguş, çişleri) öwrenmäge we olary irki döwürde anyklap öňüni almak ýaly we şolary takyk anyklaýan lukmançylyk enjamlary öwrenmek ýaly usullary öwrendiler. Bulardan başga-da boýun, bil oňurgalardaky keseleri wagtynda anyklamak we olaryň netijeli operasiýalaryny öwrenmeklige wagt sarp etdiler. Türkmen lukmanlary germaniýaly professor bilen operasiýalara hem gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň