Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýada çörek 34 göterim gymmatlady

14:3503.05.2024
0
12923
Germaniýada çörek 34 göterim gymmatlady
Surat: ria.ru

Germaniýada çörek önümleriniň nyrhyny gymmatlatdylar diýip, «24KZ» habar berýär. 2019-2023-nji ýyllar aralygynda ýurtda çörek 34 göterim gymmatlady. Ýurduň Statistika edarasynyň hasabatynda ady tutulan döwürde sarp ediş nyrhlarynyň 17 göterim ýokarlanandygy aýdylýar.

Hünärmenler ýagdaýy energiýa göterijilerine, çig mala we işçi güýjüne çykdajylaryň artmagy bilen baglaýarlar. Olar häzir ýagdaý kadalaşýar, geçen ýylyň marty bilen deňeşdirilende, görkeziji bary-ýogy 2,9 göterim artdy diýip, belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň