Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kämil keşpleriň ussady (Türkmenistanyň halk artisti Sary Garryýew barada)

0
7327

Türkmenistanyň halk artisti Sary Garryýew Balkan welaýatynyň Serdar (öňki Gyzylarbat) etrabynyň Goç obasynda 1906-njy ýylda çarwa maşgalasynda dünýä inýär. Garyplyk, ýetimlik ony ýaş başyndan zähmet ýoluna gadam basmaga mejbur edýär. Ol ýetginjek ýyllaryndan başlap, Serdar şäherindäki demir ýol çeleklerini abatlaýyş kärhanasynda ussanyň kömekçisi bolup işe başlaýar. Onuň dogabitdi wäşiligi, degişgenligi, gürrüňçilligi, şol döwürde demirýol kärhanasyndaky drama gurnagynyň täsiri sungat ýoluna baş goşmagyna sebäp bolýar. Sary aga 1926-njy ýylda açylan milli drama studiýasyna okuwa girýär we ony 1929-njy ýylda tamamlap, halypalar Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Gulkişi Gulmyradow, Galpak Herräýew, Gulluk Hojaýew, Myrat Gazakow, Hally Şahberdiýew, Gylyç Berdiýew, Alty Garlyýew bilen ilkinji türkmen drama teatrynyň düýbüni tutýarlar.

Tu­ruw­baş­dan özüni teatrda komiki, wäşi häsiýetdäki artist hökmünde tanadan Sary Garryýewe baýry ýazyjy, dramaturg Ata Gowşudowyň «Juma» spektaklynda, ýaş režissýor Allanazar Gurbanow artiste zalym Hudaýberen emiriň ýallakçysy Hemranyň keşbini ynanýar. Artist mekir, şugulçy, arabozar, gorkak, kezzabyň keşbini ezberlik bilen ýerine ýetirip, ynamy ödeýär.

Garaja Burunow bilen Bazar Amanowyň «Keýmir köründe» režissýor Bazar Amanow Sary Garryýewe daşyndan haýbatly görünýän keşbine garamazdan, gorkak, züwwetdin Zeberdeş hanyň hem-de şol spektaklda Hudaýberdi ussanyň keşplerini tabşyrýar, ol ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, özüni aldyryp başlaýar. Teatr sungatynda bir spektaklda iki keşbi oýnaýmak hemme artiste ynanylmaýar, ynanylaýanda-da, ol işiň abraý bilen hötdesinden geläýmek aň­sat iş däl. Artist Sary Garryýew welin, bu işiň hötdesinden gelýär. Mollanepesiň «Zöhre we Tahyr» dessanynyň esasynda, Bazar Amanow bilen Hojanepes Çaryýewiň adybir pýesasynda bileni-biteni şugulçylyk, aşyk-magşuklaryň söýgüsine päsgel berip ýören Hasan şugulçynyň keşbini ussatlarça ýerine ýetirýär. Spektaklyň režissýory Bazar Amanow Sary halypanyň sahnada açylmadyk häsiýetlerini tomaşaçylara ýetirýär.

Azerbaýjan dramaturgy Japar Japarlynyň «1905-nji ýyl» spektaklynda režissýor Ýakow Feldman Sary aga Allaberdiniň roluny tabşyrýar. Halypa artist bu gahrymany­ňam keşbini ussatlarça ýerine ýetirýär. Şeýdip, teatr sahnasynda keşp yzyna keşp döredip, artist adygýar, teatr tomaşaçylarynyň söýgüsine eýe bolýar.

Sary Garryýewe meşhurlyk getiren, ony ile tanadan kino sungatydyr. Ol türkmen we daşary ýurt kinofilmlerinde 25-den gowrak kino gahrymanyny tomaşaçylara peşgeş berdi.

«Türkmenfilm» kinostudiýasynyň ilkinji, uly göwrümli önümleriniň biri bolan kinorežissýor Ýewgeniý Iwanow-Barkow tarapyndan 1940-njy ýylda surata düşürilen «Dursun» kinofilminde artist Sary Garryýewiň zehinine ýugrulan Çarysy kinogörüjilere ýaraýar. Kinofilmiň ilkinji kadrlarynda ýalta Çary atyny derýada suwa düşürýär, eýýäm şu pursatdan başlabam, Sary aganyň Çarysy tomaşaçylary güldürip, olary özüne çekip başlaýar.

Bu kino eseriniň yzysüre ýene kinorežissýor Ýewgeniý Iwanow-Barkowyň «Prokuror» filminde baýyň batragy, kemsidilen Kerimiň keşbini ussatlarça ýerine ýetirýär.

Sary Garryýew Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, 1943-nji ýylda aýagyndan agyr ýaralanyp, Watana gaýdyp gelýär. Ol Stalingrad şäherinde bolan söweşlere gatnaşýar.

1944-nji ýylda «Türkmenfilmde» režissýor Meret Atahanowyň režissýorlyk etmeginde «Jadyly dür» atly film-konsert surata düşürilýär. Sary aga bu filmiň «Zöhre we Tahyr» böleginde birwagtlar teatr sahnasynda janlandyran Hasan şugulçysynyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär we filmiň şowly çykmagyna öz goşandyny goşýar.

Uruşdan soň halypa «Türkmenfilm» bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, kinostudiýanyň ähli filmlerinde diýen ýaly surata düşýär. Kinossenariçiler käbir filmlerde ýörite Sary Garryýewiň gylyk-häsiýetini, daş sypatyny göz öňünde tutup, hökman bir gülküli, degişmeli parçany ýazar ekenler. Kinorežissýor Ýewgeniý Iwanow-Barkowyň «Uzakdaky gelinlik» kinofilmindäki murtlary haýbatly, köplenç gülküli pursatlara sataşyp ýören, Sary motosikletçiniň döreden keşbi ýady­ňyzda bolsa gerek, ol özüniň daşky sypaty, hereketleri bilen filmiň gülküli taraplaryny ösdürýär.

Guseýn Muhtarow bilen Gara Seýitliýewiň «Çopan ogly» atly pýesasynyň esasynda kinorežissýor Rafael Perleşteýn tarapyndan surata düşürilen «Çopan ogly» kinofilmindäki arabozar, Gurt küýkiniň keşbi onuň döredijilik zehininiň ýenede bir tarapy bolsa gerek, çünki ol bu ýerde wäşi, degişgen däl-de, Oraz baýyň gepinden çykyp bilmeýän, hakyky ganhor, oýnatgy adamyň keşbinde çykyş edýär. Sary Garryýewi ussat artist hökmünde ile tanadan, oňa uly meşhurlyk getiren 1955-nji ýylda surata düşürilen, kinorežissýor Rafael Perleşteýniň «Aşyr aganyň hötjetligi» we türkmen teatr we kino sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri Alty Garlyýewiň 1966-njy ýylda surata düşüren meşhur «Aýgytly ädim» filmleridir. Filmlerdäki Aşyr aga bilen Gandym aganyň keşplerinde döwürleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, belli bir derejede häsiýet meňzeşlikleri bar, çünki ol keşpler halkyň içinden çykan gahrymanlardyr. Eger-de Aşyr aga agtygy Oguljany durmuşa çykarmagy kyn görüp, ýanyndan «göçürmäni» ýokuş görüp, «galyň» bahanasy bilen oba ýigitlerini yzyna gaýtaryp durşundaky gülküli pursatlary ýa-da Aşyr aganyň oba hojalyk işlerine serenjam berip, käbir pursatlarda özüni çaga ýaly alyp barşy tomaşaçylary maýyl edýär. Režissýor Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädiminde» aktýoryň gylyk-häsiýetlerini göz öňünde tutup, filmiň ssenariçisi Igor Lukowskiý Gandym aganyň keşbini Sary Garryýewe niýetläp ýazýar. Onuň bu filmdäki Gandym agasy halypanyň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Film garaşylan üstünligi berýär, di­ňe türkmen tomaşaçylarynyň däl-de, eýsem, daşary ýurtly tomaşaçylaryň hem söýgüsine mynasyp bolýar. Onuň ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berlip, 1966-njy ýylda «Türkmenistan SSR-niň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.

«Aýgytly ädimde» Gandym aga bary-ýogy 3-4 sany sahnada peýda bolýan-da bolsa, ol hemmäniň ýadynda galýar. Il-günüň şatlygyna şatlanyp, gaýgy-aladasyny deň paýlaşýan, durmuşyň külpetlerini ýeňip geçýän, şadyýan, degişgen Gandym aganyň keşbi biziň ýadymyzdan çykmaz. Onuň filmiň dowamynda «Artyk, gelniň ýüzüni görkez, garry bolaýmasynhow!» diýen sözleri tomaşaçylary gyzyl-gyran gülüşdirýär. Artist Sary Garryýewiň Gandym agasy jüpüne düşen keşpleriň biridir.

Sary aganyň Aşyry, Gandymy ýaly nusgalyk keşpleri bu ugurda bilim alýan ýaşlara nusga bolup hymat edýär. Onuň «Alladiniň jadyly çyrasyndaky» jynyň keşbi körpe tomaşaçylary özüne bendi etdi. «Türkmenfilm» kinostudiýasynda dürli ýyllarda surata düşürilen Alty Garlyýewiň «Aýnasyndaky» Garly batragyň, Hangeldi Agahanowyň «Ilkinji ekzamenindäki» Ýagmyryň, Anatoliý Karpuhiniň «Döwranyň başdan geçirenlerindäki» Çarynyň, Kakow Orazsähedowyň «Japbaklaryndaky» pukaraja ýaşulynyň we beýleki filmlerdäki keşpleri artistiň döredijilik başarnygynyň egsilmezdigini subut edýär. Ol türkmen kino sungatyny aýaga galdyrmakda, ösdürmekde uly işler bitiren halypadyr.

Sary Garryýewiň döredijiliginde ýasamalyk ýok. Ol artistlik zehini boýunça gülküli keşpleriň ussadydyr. Onuň döredijilik aýratynlygynyň ýene-de bir tarapy döreden keşpleriniň halkylygyndadyr.

Özüniň halal zähmeti, yhlasy, irginsiz tagallasy bilen türkmen teatr we kino sungatynyň taryhyna ebedilik giren belli artistimiz, Türkmenistanyň halk artisti Sary Garryýew kalbymyzda ýaşaýar.

Makala «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndaky sanyndan alyndy. Awtory: Myratnyýaz Gurbanýazow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar