Kämahal edara-kärhanalarda işgärleriň özarasynda edil şonuň ýaly-da iş beriji bilen işgäriň arasynda ýüze çykýan oňuşmazlyk ýa-da dawaly ýagdaýlara duş gelmek bolýar. Türkmenportal bu ugurda kiçijik bir öwreniş işini geçirdi.
Köp halatlarda dawalar taraplaryň öz borçlaryny we hukuklaryny bilmezligi bilen ýüze çykýar. Bu dawalaryň öňüni almak, taraplaryň zähmet gatnaşyklarynyň dogry gurnalşyna baglydyr. Gatnaşyklar iki tarap üçin hem bähbitli bolmalydyr. Iş beriji bilen işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklary zähmet şertnamasyny baglaşan pursatyndan başlanýar. Zähmet gatnaşyklary Zähmet kodeksi esasynda kadalaşdyrylýar.
Zähmet şertnamasy näme göz öňünde tutulmaly
1. işgäriň belli bir kär, hünär ýerine ýetirmegi;
2. kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertibine tabynlykda borçlaryň ýerine ýetirilmegi;
3. işgäriň zähmet hakynyň bellenilmegi;
4. zähmet şertleriniň bolmagy.
Zähmet şertnamasynyň möhleti
1. kesgitsiz möhlete (möhletsiz);
2. eger diňe hemişelik däl häsiýetli işleri ýerine ýetirmek kesgitli möhlet (möhletli) üçin, bäş ýyldan köp däl.
Zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna ýol berilýän ýaş
Zähmet şertnamasy on alty ýaşyna ýeten adam bilen baglaşylýar. Zähmet şertnamasy on bäş ýaşyny dolduran adam bilen diňe ata-enelerden haýsy hem bolsa biriniň (howandarynyň) razylygy bilen baglaşylyp bilner.
Haýsy ýagdaýlarda iş beriji şertnamany ýatyryp bilýär
1. kärhana ýatyrylanda;
2. kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda;
3. ýeterlik hünäriniň bolmazlygy, şol sanda hünär synagynyň tassyklanylan netijeleri bilen baglanyşykly işgäriň eýeleýän wezipesine laýyk gelmezligi;
4. eger belli bir kesel sebäpli iş ýerini (wezipesini) saklamagyň has uzak möhleti Döwletiň kanunçylygynda bellenilmedik bolsa, onda göwrelilik we çaga dogurmak baradaky rugsadyň döwrüni hasaplamanyňda işe wagtlaýyn ýarawsyzlyk netijesinde bassyr dört aýdan köp wagtlap işe gelinmedik mahalynda. Zähmetde şikes ýetenligi ýa-da hünär keseli sebäpli işe ýarawlylygyny ýitiren işgärleriň işe ýarawlylygy dikeldilýänçä ýa-da maýyplyk bellenilýänçä olaryň iş ýeri (wezipesi) saklanylýar;
5. eger işgäre öň düzgün-nyzam temmi çäreleri ulanylan bolsa, onuň üstüne ýüklenen zähmet borçlarynyň işgär tarapyndan esasly sebäpler bolmazdan yzygiderli ýerine ýetirilmedik mahalynda;
6. işden sebäpsiz galanda, şol sanda iş gününiň dowamynda esasly sebäpler bolmazdan üç sagatdan köp iş ýerinde bolmadyk mahalynda;
7. işde serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji gaýry ýagdaýda peýda bolnanda;
8. iş ýerinde emlägi ogurlan, sowran, ony bilgeşleýin dargadan ýa-da zaýalan mahalynda;
9. önümçilikde betbagtçylykly hadysa, awariýa, heläkçilik ýa-da şeýle netijeleriň gelip ýetmegine görnetin hakyky howp döretse;
10. zähmet şertnamasy baglaşylanda işgär tarapyndan iş berijä galp resminamalaryň ýa-da görnetin ýalan maglumatlaryň berlendigi ýüze çykarylanda;
11. Kanunda bellenilen beýleki halatlarda.
Taraplaryň borjy
- Iş beriji kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda şol kärhanada işgäriň hünärine laýyk gelýän bar bolan başga işi işgäre teklip etmäge borçludyr.
- Işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyz bolan döwründe we rugsatda bolan döwründe onuň işden boşadylmagyna ýol berilmeýär.
Soňky karary siz berýäňiz
- Zähmet şertnamasy iki nusgada düzülip taraplar oňa gol çekýärler. Her bir nusga taraplaryň özinde galýar. Taraplar öňünde ýatan kagyza gol çekmezden öň şertnamanyň her bir bendini dykgat bilen okamalydyrlar.
- Zähmet şertnamasynyň sowatly we dogry ýazylmasy, iş ýeriniň dowamly bolmasynyň kepilidir. Ýenede, taraplaryň soňunda ýaramaz netijelere uçramazlygy üçin şertnama kanuna laýyk düzülmelidir.
---------------------------------------------
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan zähmet şertnama şu ýerde.